Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO öz operasiýasynda ýalňyşlyk goýberendigini boýun aldy


Penşenbe güni Owganystandaky NATO güýçleriniň resmileri şu hepdäniň başynda koalision güýçleriň ýalňyşlyk bilen ýerli parahat ýaşaýjylardan birnäçesini öldürendiklerini boýun aldylar.

Hususan-da, halkara ýardam güýçleriniň metbugat sekretary şu hepdäniň sişenbe güni Host welaýatynyň Şamal etrapynda ýaragly söweşijilere garşy geçirilen howa hüjüminde birnäçe parahat ýaşaýjynyň ölendigi barada beýanat ýaýratdy.

Emma bu beýanatda näçe sany parahat ýaşaýjynyň ölendigi barada anyk maglumat berilmeýär.

Owganystanyň resmileri bu gürrüňi edilýän howa hüjüminde 11 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini aýdýarlar.

Hepdäniň çarşenbe güni Gazni welaýatynda geçirilen başga bir howa hüjüminde-de iki sany ýerli çopanyň öldürilendigini aýdyp we bu wakany ýazgaryp, ýerli ýaşaýjylaryň ýüzlerçesi welaýat merkezinde demonstrasiýa geçiripdi.
XS
SM
MD
LG