Sepleriň elýeterliligi

Telefon diňlemekde aýyplanýan britan gazeti işini bes etdi


Penşenbe güni Britaniýada ýurduň raýatlarynyň telefon gürrüňdeşliklerini diňlemeklige dahyllylykda aýyplanýan «News of the World» atly meşhur gazet öz neşir işlerini doly bes edýändigini yglan etdi.

168 ýyl bäri çap edilip gelinýän «News of the World» atly gazet Britaniýada iň köp satyn alynýan gazet hasaplanylýar.

Bu gazetiň birnäçe işgäri ýurduň käbir raýatlarynyň telefonlaryny yzygiderli diňläp gelenlikde aýyplanýarlar.

Britaniýanyň polisiýasy häzirki wagt şu ugurda käbir anyk faktlaryň üstüniň açylandygyny aýdýar. Mundan daşary, polisiýa telefon diňleýişliklerine sezewar edilendir diýlip hasaplanylýan 4 müň töweregi adamyň şahsyýetine degişli maglumatlaryň öwrenilýändigini mälim etdi.

Penşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron parlamentde eden çykyşynda bu ýüze çykan wakany berk ýazgardy.
XS
SM
MD
LG