Sepleriň elýeterliligi

Nemtsowa garşy girizilen hereket gadagançylygy ýatyryldy


Penşenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň belli oppozisiýa liderlerinden biri Boris Nemtsowa garşy girizen ozalky hereket gadagançylygyny ýatyrdy.

Şu hepde Orsýetiň sud oturdaşlarynyň Federal gullugy Nemtsowyň daşary ýurtlara çykmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizipdi.

Bu wakanyň yzy bilen, penşenbe güni Ýewropa Parlamenti oňa garşy girizilen hereket gadagançylygyny ýazgaryp we onuň ýatyrylmagyny talap edip, ýörite beýannama kabul etdi.

Nemtsowyň özi bu gadagançylygy özüniň oppozision işleri we tankydy çykyşlary üçin premýer-ministr Wladimir Putiniň özüne garşy ulanan çäresi hökmünde häsiýetlendirýär.
XS
SM
MD
LG