Sepleriň elýeterliligi

Siriýa ABŞ-ny öz içerki işlerine goşulyşmakda aýyplady


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ilçisi Robert Forduň ýurduň Hama şäherine sapar edip, protestçiler bilen geçiren duşuşygyndan soň, Siriýanyň hökümeti Birleşen Ştatlary öz içerki işlerine goşulyşmakda aýyplady.

Siriýanyň Daşary işler minstrligi bu barada ýaýradan beýanatynda Robert Forduň Hama şäherine eden özbaşdak saparynyň Waşingtonyň Siriýanyň içerki işlerine goşulyşýandygyny görkezýän aýdyň subutnamadygyny nygtapdyr.

Şu hepde amerikan ilçisi Hama şäherine eden saparynda ol ýerdäki hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň bir topary bilen duşuşypdy.

Hama şäheri soňky günler prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protestleriň iň bir uly gerim alan şäherlerinden biri hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG