Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident iki wise-premýerini çalyşdy


Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmetnyýaz Nurmämmedowy belledi.
Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmetnyýaz Nurmämmedowy belledi.

8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birbada iki wise-premýerini çalyşdy.

Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary Myratgeldi Akmämmedow Berdimuhamedowyň permany bilen özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin wezipesinden boşadyldy.

"Türkmenmallary" gözgyny

Mejlisde döwlet baştutany Akmämmedowyň garaýan ähli pudaklarynda kemçilikleriň bardygyny öňe sürüp, hususan-da "Türkmenmallary" assosiasiýasynyň işiniň juda gözgyny haldadygyny aýtdy. Bu babatda mejlisde Türkmenistanyň baş prokurorynyň "Türkmenmallary" assosiasiýasynyň işiniň derňew-seljermesiniň hasabaty diňlenildi.

Baş prokuroryň hasabatyna görä, maldarçylyk hojalyklarynyň barlaglarynyň barşynda assosiasiýanyň ähli welaýat bölümlerinde hukuk düzgünleriniň bozulmalary, şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi, guramaçylyk işleriniň gowşadylmagy ýüze çykarylypdyr. Bu bolsa birnäçe hojalyklaryň önümçiliginiň zyýan çekmegine we tutuşlygyna alanyňda dowarlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça meseleleriniň oňyn çözülmegine päsgel beripdir. Derňewiň netijeleri boýunça ykdysady häsiýetdäki bikanun hereketlerde günä ýüklenýän adamlaryň birnäçesiniň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi habar berildi.

Ýerli žurnalist, synçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ýakynda Azatlyk Radiosynyň websahypasynda çap edilen blogunda ýazmagyna görä, “Türkmenmallarynyň” mallaryň önümçilik prosesi bilen baglanyşygy bolmansoň, olarda maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň anyk maksatnamasy ýok, şol sebäplem bu assosiasiýanyň işgärleri "çopanlardan hasabat soraýan ýerli emeldara öwrülipdirler".

"Maldarçylyk pudagyny ösdürmäge “Türkmenmallarynyň” hiç hili goşandynyň ýokdugyny çekinmän aýdyp bolar" diýip, Ýazgulyýew ýazýar.

Ministrler Kabinetiniň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmetnyýaz Nurmämmedowy belledi.

Korrupsiýa

Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýet boýunça orunbasary wezipesine ýurduň maliýe ministri Annamuhammet Goçyýew bellenildi.
Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow ýurduň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýaňy-ýakynda desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge ýardam bermek bahanasy bilen telekeçilerden para alyp gelen bank ulgamynyň işgärleriniň bir toparynyň ele salnandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow bank ulgamynda köpsanly düzgün bozmalara ýol berendigi üçin, Guwançmyrat Gökleňowy Merkezi bankyň müdirýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine bolsa Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýet boýunça orunbasary Tuwakmämmet Japarowy belledi.

Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýet boýunça orunbasary wezipesine ýurduň maliýe ministri Annamuhammet Goçyýew bellenildi.

Bugdaý üçin berk käýinç

Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow şu ýylyň galla oragy möwsüminde ýurt boýunça 1 million 200 müň tonna hasylyň ýygnalýandygyny aýtdy. Şu ýylyň galla hasylynyň döwlet borçnamasynyň 1 million 600 müň tonnadygyny nazara alsaň, onda 400 müň tonna bugdaýyň az ýygnalandygyna göz ýetirmek bolýar. Şu sebäpden Berdimuhamedow bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kemçiliklere ýol berendikleri üçin birnäçe etrap häkimlerini wezipesinden boşatdy, birnäçesine bolsa berk käýinç yglan etdi.

Berdimuhamedow şu ýylyň galla hasylynyň 1 million 200 müň tonna bolandygyny aýtsa-da, Oba hojalyk ministrliginiň işgärleri bu sanyň zordan 1 milliona ýetýändigini aýdýarlar.

Ýylyň gurak gelmegi, şeýle hem ýaz paslynyň aňzakly bolmagy gallanyň çykymyna zelel ýetirendigini oba hojalykçy hünärmenler mälim edýärler. Käbir ekin meýdanlarynda gallanyň boýy 30 santimetrdenem pes gelýär. Bir gektardan alynýan hasyl bolsa ortaça 12 sentnerden geçmeýär.

Bilim ulgamynda garalan meseleler

Mejlisiň barşynda ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik baradaky meselelere hem garaldy. Şu ýyl geçen ýylka garanyňda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 600 adam köp kabul ediler. Mundan başga-da türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine ugradylar.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak oglan-gyz tamamlady. Geçen ýyllarda her ýyl 5 müň çemesi oglan-gyz ýerli okuw jaýlaryna kabul edilipdi.

Mejlisde Berdimuhamedow Türkmen döwlet maliýe institutyny döretmek barada hem permana gol çekdi. Onuň rektory wezipesine Öwezgeldi Işangulyýew bellenildi. Şeýle hem döwlet baştutany ýakyn geljekde Gurluşyk we binagärlik institutyny döretmek barada pikiri teklip etdi.

Berdimuhamedow häzirki Türkmen politehniki institutynyň özüniň maddy enjamlaýyn binýady boýunça-da, taýýarlaýan hünärmenleriniň sany boýunça-da, bilim beriş hili boýunça-da bildirýän talaplary ödäp bilmeýändigini aýdyp, bu instituty ýapyp, onuň deregine Nebit we gaz institutyny döretmelidigini aýtdy.

Poladowyň gaýdyp gelmegi

"Türkmenistan" gazetiniň baş redaktory wezipesine Annamyrat Poladow bellenildi.
Berdimuhamedow ýurduň baş gazeti bolan "Türkmenistan" gazetiniň baş redaktory Amanmuhammet Repowy wezipesinden aýryp, onuň ýerine Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Annamyrat Poladowy belledi.

A.Poladow bu gazete 2007-2009-njy ýyllarda hem baş redaktorlyk edipdi. 2009-njy ýylyň aprelinde ol "saglyk ýagdaýy sebäpli" "Türkmenistan" gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadylypdy.

"Saglyk ýagdaýy sebäpli" wezipesinden boşadyldy diýlip, şol wagt resmi habarlarda beýan edilen-de bolsa, A.Poladowyň wezipesiden çetleşdirilmeginde onuň ýurduň gümrükhanasynda işleýän bir inisiniň neşe maddalarynyň döwlet serhedinden bikanun geçirilmegine gatnaşanda ele düşmegi sebäp bolupdy.

Bu ýüze çykan wakadan soň, A.Poladow sahnadan düşürilipdi we birnäçe wagtlap işsiz galdyrylypdy. Onuň özi bolsa "gara sanawa" girizilip, ýazan makalalary çap edilmekden saklanyldy.

2010-njy ýylyň 23-nji awgustynda prezidentiň karary bilen A.Poladowyň Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) başlygynyň orunbasarlygyna bellenilmegi sözüň doly manysynda görlüp-eşidilmedik waka bolupdy. Sebäbi ýurtda ýöredilýän kadrlar syýasatyna laýyklykda bir gezek ýokary wezipeden taýdyrylan ýolbaşçy gaýdyp wezipäniň gyrasyndan eltilmeýärdi.

Ozal çetleşdirilen wezipesine gaýtadan getirilip bellenilmek bolsa Türkmenistanyň kadrlar syýasatynda heniz asla görlüp-eşidilmedik wakadyr.

Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen 2012-nji ýylyň birinji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri 10% köpeldiler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG