Sepleriň elýeterliligi

Tbiliside sud üç fotoreportýory iki aý tussaglykda galdyrdy


Içalyçylykda aýyplanyp, 7-nji iýulda tussag edilen üç gürji fotoreportýorynyň Orsýetiň ýörite gulluklaryna gizlin maglumat berendigini Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi tassyklaýar.

Ýekşenbe güni geçirilen brifingde ministrligiň wekili saklananlaryň biri - Zurab Kursikidzäniň Orsýetiň Goranmak ministrliginiň baş razwedka edarasynyň işgäri bilen aragatnaşykda bolandygyny, beýleki iki suratçy - Irakliý Gedenidze bilen Georgiý Abdaladzanyň alan gizlin suratlaryny Orsýetiň wekiline berendigini aýtdy.

Tbiliside sud suratçylary ýene iki aý tussaglykda galdyrdy.

Aklawçylaryň sözlerine görä, sud prosesi 1-nji sentýabrda başlanar we ýapyk režimde geçiriler.
XS
SM
MD
LG