Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaknyşyk dörese, Eýran amerikan gämilerine zarba urmakçy


Eger Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly konflikt Günbatar bilen ýaragly çaknyşyga alyp gelse, Eýran üsti uçarly amerikan harby gämilerine zarba urar diýip, ýekşenbe güni Eýran telewideniýesi boýunça eden çykyşynda Yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň harby-howa güýçleriniň serkerdesi Amir-Aly Hajyzade aýtdy.

Şu ýylyň fewral aýynda Eýranyň raketa synagyny geçirendigini, onuň Hindi okeanynyň kenaryna, Ormuz aýlagyna baryp ýetendigini Hajyzade boýun aldy. Şol aýlagyň üstünden dünýäde deňiz arkaly eksport edilýän nebitiň üçden biri daşalýar.

Eýranyň şol aýlagy böwetlemek mümkinçiligi Eýranyň Günbatar döwletleri bilen konfliktinde möhüm faktordyr.
XS
SM
MD
LG