Sepleriň elýeterliligi

Waşington siriýaly diplomatlaryň hereketlerine alada bildirdi


Siriýadaky repressiýalara garşy Waşingtonda geçirilen parahatçylykly aksiýany siriýaly diplomatlaryň surata almagy, widnoýazgy etmegi bilen bagly hereketlerine Birleşen Ştatlar alada bildirdi.

Şunuň bilen bagly şenbe güni Siriýanyň ilçisi Imad Mustafa Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentine çagyryldy, onuň bilen Döwlet sekretarynyň kömekçisi Erik Bosuell gürrüň etdi.

Şenbe güni ABŞ-nyň Siriýadaky ilçisi Robert Ford ýurtdaky tolgunyşyklaryň merkezi Hama şäherine baryp, oppozisiýa wekilleri bilen duşuşandan soň, Siriýa ABŞ-ny öz içki işlerine goşulyşmakda aýyplady.

Waşington bu aýyplamany ret etdi we Forduň Hama şäherine barjagyndan siriýa häkimiýetleriniň öňünden habarly bolandygyny aýtdy.

Siriýaly aktiwistleriň maglumatyna görä, anna güni tutuş Siriýa boýunça ýüzlerçe müň adam prezident Başar al-Assadyň wezipeden çekilmegini talap edip, demonstrasiýa çykypdyr.
XS
SM
MD
LG