Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň önki birinji hanymy Elizabet Ford aradan çykdy


Kaliforniýada Birleşen Ştatlaryň öňki birinji hanymy Elizabet Ford 93 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1974 -77-nji ýyllarda ABŞ-nyň prezidenti bolan Jerald Forduň aýalydy, olar 58 ýyl bile ýaşaşypdy.

Hanym Ford göwüs rakynyň öňüni almak boýunça öz kampaniýasy bilen şöhrat gazanypdy, ol şeýle-de aýallaryň hukuklaryny goraýjydy.

Ol 1982-nji ýylda alkogolizm we neşekeşlik derdinden ejir çekýänleri bejermek üçin medisina merkezini döredipdi, şol ýerde onlarça müň adam saglygyny dikeldipdi.
XS
SM
MD
LG