Sepleriň elýeterliligi

Afrika: Günorta Sudan dünýäniň iň ýaş döwleti


Ýekşenbe güni Günorta Sudanyň paýtagty Juba döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasyna onlarça müň adam ýygnandy.

9-njy iýulda ýerli wagt bilen gije sagat 12-de Günorta Sudan resmi taýdan dünýäniň iň ýaş döwleti boldy, şol pursatdan bäri ýurtda dabaralar dowam edýär.

Sudan günorta goňşusynyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etdi. Ondan soň dünýäniň köp döwleti Günorta Sudany garaşsyz döwlet hökmnde ykrar etdi. Şolaryň arasynda Birleşen Ştatlar, Kanada, Beýik Britaniýa, Müsür, Türkiýe, Orsýet bar.

Dünýä kartasynda täze döwletiň peýda bolmagyny goldap, ýanwar aýynda geçirilen referendumda sudanlylaryň köpüsi ses beripdi.

Nebit ýatakly ýerleri bölüşmek hem serhetleri berkitmek meselelerinde gejekde Hartum bilen Jubanyň arasynda gazaply jedelleriň döremek mümkinçiligini synçylar aradan aýyrmaýar.
XS
SM
MD
LG