Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda saýlawlar komissiýasynyň ýygnagy boldy


Şenbe güni Aşgabatda Türkmenistanda saýlawlary we referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň, komissiýanyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, welaýat we Aşgabat şäher saýlaw komissiýalarynyň başlyklarynyň orunbasarlary we sekretarlary, metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda welaýat we Aşgabat şäher saýlaw komissiýalarynyň düzümine seredildi we olar tassyk edildi diýip, TDH ýazýar.

Saýlaw komissiýalarynyň agzalarynyň umumy sanynyň 66 adamdygy, şol sanda 26-synyň aýallardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG