Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistana berýän harby kömegini kemelder diýilýär


«Nýu Ýork Taýms» gazeti Waşingtonyň pakistan harbylaryna berýän kömegini üçden bir kemeltmeginiň mümkindigini ýazýar. Gazet munuň sebäbini Waşingtonyň Yslamabatda jeňçilere garşy alnyp barylýan göreşiň derejesinden närzalygy bilen düşündirýär.

Gazet uly amerikan resmileriniň üçüsine salgylanyp, olaryň özara gürrüňde Waşingtonyň pakistan harbylaryna howpsuzlyk ýardamy üçin berilmeli 800 million dollar puly, jemi 2 milliard dollarlyk enjamy togtadýandygyny ýa kesýändigini aýdandygyny ýazýar.

Amerikan resmileri gazete kömek pulunyň we enjamlaryň gatnaşyklar gowulanan halatynda, Pakistan jeňçilere garşy has gowy çäre görse dikeldilip biljegini aýdypdyrlar.
XS
SM
MD
LG