Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýiten mina zyýansyzlandyryjylaryň ykbaly barada garyşyk habarlar berilýär


Şu hepdäniň başynda Owganystanyň Farah welaýatynda alnyp gaçylan 26 mina zyýansyzlandyryjynyň ykbaly barada garjaşyk habarlar berilýär.

AFP owgan howpsuzlyk güýçlerine salgylanyp, polisiýanyň we tire ýaşulularynyň ýedi adamyň kellesi kesilen jesedini tapandygyny aýdýar.

Emma “Roýter” Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň polisiýa sülçüsi Muhammed Munire salgylanyp, diňe alty jesediň tapylandygyny, öldürilenleriň kellesiniň kesilmändigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG