Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Garrylar öýünde bolan ýangyn 16 adamy öldürdi


Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi günbatar Ukrainada Garrylar öýünde turan ýangynda 16 adam heläk boldy diýdi.

11 adam, şol sanda Garrylar öýüniň iki işgäri halas edilipdir, ýöne aman galanlaryň üçüsiniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bir gatly agaç binada gije ýarymdan soň turan we 5 sagat dowam eden ýangyna geleňsizlik sebäp bolupdyr.

Ukrainanyň Polşa bilen serhetine golaý «Beloýe» obasyndaky Garrylar öýünde 25 adam saklanýan eken.
XS
SM
MD
LG