Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolgada çöken gämide azyndan bir adam öldi


Rus resmileri ýekşenbe güni Wolga derýasynda batan gämidäki ýolagçylaryň 90-dan gowragynyň tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Bir adamyň ölendigi tassyk boldy, 84 adam bolsa batan gämiden halas edildi.

Gämi Tatarystan respublikasynyň Zýukeýewo obasynyň golaýynda, Moskwadan 750 km çemesi uzaklykda batypdyr. Onuň üstünde 180-den gowrak ýolagçy we sürüjiler bar eken.

Gäminiň batmagynyň sebäbi anyk däl. Döwlet telewideniýesi onuň 1955-nji ýylda, şol wagtky Çehoslowakiýada ýasalandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG