Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çawez Hytaýyň Wenezuela $4 milliard karz berjegini aýdýar


Hugo Çawez ýekşenbe güni Hytaýyň Wenezuela ullakan karz pul berýändigini aýtdy.

Çawez Wenezuela basym bilelikdäki proýektleri ýerine ýetirmek üçin 4 milliard dollar karz alar diýdi.

Ol hökümet maslahatyndan alnyp görkezilen çykyşynda bu serişdäniň Wenezuelada demir ýoly ýaly proýektleri durmuşa geçirmek üçin ulanyljagyny aýtdy.

Çawez bu şertnamanyň jikme-jiklikleri barada kän zat aýtmady.
XS
SM
MD
LG