Sepleriň elýeterliligi

Birtaniýanyň “Dünýä habarlary” okyjylary bilen hoşlaşdy


Britaniýanyň “News Of The World”, “Dünýä habarlary” hepdeligi ýekşenbe güni gazet dükanlaryna soňky gezek geldi.

168 ýyllap okyjylaryna sensasiýa we skandal habarlaryny ýetirip gelen gazetiň soňky sany «Sag boluň we Hoş galyň» diýen sözbaşy bilen çykdy.

Britaniýanyň iň geçginli hepdeliginiň tutuş bir sahypalyk baş makalasynda okyjylardan gazetiň ýapylmagyna getiren telefon diňlenişik galmagaly üçin ötünç soralýar.

Halkara habarlaryny çap edýän gazetiň neşirçisi geçen hepde ony ýapmaly etdi.
XS
SM
MD
LG