Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow oppozisiýany saýlawlara çagyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň “oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýänligini” aýtdy. Onuň oppozisiýa barada öňe süren bu pikiri Abadandaky partlamalaryň ertesi, 8-nji iýulda, ýurduň alty aý boýunça ösüşine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda mälim edildi.

Berdimuhamedow “oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:32 0:00
Ýükle


Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Biz özüni oppozisiýa diýip atlandyrýan toparlar bilen hem hyzmatdaşlyk etmekden çekinmeýäris. Eger oppozisiýa girýän adamlardan kimdir biri öňde durýan prezident saýlawlaryna gatnaşmaga isleg bildirse, onda ol, ine, biziň ýurdumyza gelip biler. Men olara Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen deň derejede, deň hukukly esaslarda saýlawlara gatnaşmaga hem mümkinçilikleriň dörediljekdigini doly kepillendirýärin”.

Berdimuhamedow syýasy partiýalar baradaky bu pikirini beýan edip, ýurtda köppartiýalylygyň döremegi üçin kanunçylyk binýadyny esaslandyrmalydygyny aýtdy. Ýöne bu meselede gyssagly ýagdaýda we emeli ýol bilen partiýalaryň döredilmejekdigini mälim etdi we ýurtda syýasy partiýalaryň sanynyň esassyz köpelmegini goldamajakdygyny duýdurdy. Onuň pikirine görä, halk bilen häkimiýetiň arasyndaky hakyky aragatnaşygy üpjün etmek üçin netijeli işleýän iki partiýanyň bolmagy ýeterlik.

Berdimuhamedow şeýle-de milli telewideniýede görkezilen bu çykyşynda öz partiýasyny döretmäge isleg bildirýänlere partiýanyň hasaba alynmagynda hem onuň işiniň talaba laýyk guralmagynda hiç hili päsgel berilmejekdigini aýtdy.

Oppozisiýanyň garaýyşlary

Türkmenistanyň prezidentiniň bu çykyşy käbir oppozisiýa wekilleri tarapyndan gowulyga tarap ädim hökmünde kabul edildi. Oppozisiya liderlerinden Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazow Berdimuhamedowyň oppozisiýa barada eden çykyşyna halkara jemgyýetçiliginiň basyşlarynyň netijesi hökmünde garaýar we bu çykyşyň käbir umytlara esas döredýänligini aýdýar.

Orazow bu hakda Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, bu halkara guramalarynyň we demokratik ýurtlaryň basyşynyň netijesi. Onsoňam Berdimuhamedow muny indi pikirlenip başlap, şonuň gerekligine düşünip aýdýarmyka diýýärin. Haýsy tarapdan alyp görsek-de, şol zatlaryň üstünde pikir edýän bolsalar, şol zatlaryň gerekdigine düşünýän bolsalar, bu bir gowy zat”.

Türkmenistanyň prezidentiniň syýasy oppozisiýa barada eden çykyşy Abadandaky heläkçilikli partlamalar ýüze çykan gününiň ertesi edildi. Şol günlerde Türkmenistanyň hökümeti garaşsyz habar çeşmeleriniň uly helakçilikler barada ýaýrdan maglumatlaryndan tapawutlylykda, adam pidalarynyň we weýrançylygyň bolanlygyny ret edipdi. Partlamalar we olaryň ýetiren zyýany bilen baglylykda il içinde dowul güýçlenýärkä, döwlet baştutanynyň syýasy özgerişlerden habar berýän oppozisiýa bilen baglanyşykly çykyşyna ynamsyz garaýyşlar hem bar.

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki agzasy, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýunow şeýle diýýar: “Şunuň ýaly terzde edilen çykyşa meniň özüm ynanamok. Eger Berdimuhamedowyň kalbynda şeýle pikir bar bolan bolsa, dört ýylyň dowamynda parlamentiň üsti bilen köppartiýalylyk barada kanunlary kabul etmek, oppozisiýa bilen gepleşikler geçirmek üçin müňlerçe pursat bardy. Olaryň hiç birisi ulanylmady. Näme üçin, ine, şu günki gün halkyň başyna Büzmeýinde betbagytçylyk düşen güni Berdimuhammedow şeýle teklip bilen çykyş edýär. Bu halkyň gözüne çöp atmak we daşary ýurt döwletleriniň ünsüni ýurduň içinde bolup geçýän tragediýadan sowmak üçin edilen syýasy oýun”.

Edilýän we edilmeli başlangyçlar

Söýünowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häkimiýetler syýasy özgerişlige tarapdar bolan ýagdaýynda olar ilkinji nobatda partlama zerarly adam pidalarynyň sany we ilata ýetirilen zyýan barada hakyky sanlary yglan etmeli.

Hazirki wagtda Türkmenistanda 15 adamyň heläk bolanlygy resmi derejede yglan edildi. Garaşsyz çeşmelerde bolsa heläk bolanlaryň ýüzden hem köpdügi aýdylýar.

Döwlet baştutanynyň oppozisiýa baradaky garaýyşlary mälim edilen hökümet maslahatynda ýurduň guýçli ykdysady ösüşini görkezýän sanlar, şol sanda içerki önümçilik 114%-den gowrak umumy ösüş derejesi gazanyldy diýip, yglan edildi. Yurtda aýlyklary, pensiýalary, döwlet töleglerini we stipendiýalary galdyrmak barada permana hem gol çekildi.

Berdimumedow köppartiýalylyk barada ilkinji gezek 2010-njy ýylyň maý aýynda aýdypdy. Ol şonda munuň üçin wagtyň gelenligini aýdan hem bolsa, şu günki güne çenli ýurtda köppartiýalylyga tarap özgeriş ýok. Türkmenistanyň Mejlisiniň «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň taslamasy boýunça alyp barýan işleri barada hem hiç hili habar berilmeýär.
XS
SM
MD
LG