Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti oppozisiýa bilen duşuşdy


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti oppozisiýa toparlary bilen gepleşiklere başlandygyny habar berdi. Emma belli oppozisiýa liderleri we aktiwistleri bu duşuşyklardan ýüz öwürdiler.

Hökümetiň Damaskda gurnan “Milli dialog” atly tegelek stol gepleşigine ýokary derejeli resmiler, şol sanda prezidentiň orunbasary Faruk al Şaraa, röwşen pikirliler we giňden tanalmaýan oppozisiýa wekilleri gatnaşdylar. Olar köppartiýalylyk sistemasyn geçmäge ýol berjek kanunçylyk we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça köne kanun barada gürrüň etdiler.

Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň Siriýadaky ilçisi Robert Ford ýurtdaky tolgunşyklaryň merkezi Hama şäherine baryp, oppozisiýa wekilleri bilen duşuşandan soň, Siriýa ABŞ-ny öz içki işlerine goşulyşmakda aýyplady.

Waşington bu aýyplamany ret etdi we Forduň Hama şäherine barjagyndan Siriýanyň häkimiýetleriniň öňünden habarly bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG