Sepleriň elýeterliligi

Obama Kongresiň liderleri bilen defisiti maslahatlaşdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama býujet defisitini kemeltmegiň ýollary barada Kongresiň liderleri bilen gepleşikleriň ilkinji tapgyryny geçirdi.

Şenbe güni respublikanlar defisiti geljek 10 ýylda 4 trillion dollar kemeltmek baradaky öz talaplaryndan ýüz öwürdiler. Emma 2,5 trillion dollar barada gepleşiklere taýýardyklaryny aýtdylar.

Eger-de 2-nji awgusta çenli demokratlar we respublikanlar ylalaşmasalar, onda ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek tehniki defolt bolup biler. Netijede, taryhda ilkinji gezek ABŞ-nyň öz borçnamalarynyň ählisini maliýeleşdirip bilmezligi ahmal.
XS
SM
MD
LG