Sepleriň elýeterliligi

Türk jemgyýetçilik işgärleri “pul sowurmakda” aýyplanýar


Türkiýäniň sudy dört sany belli jemgyýetçilik işgärini ynsanperwerlik kömeklerini “ýele sowurmakda” aýyplady.

Bu derňew 2008-nji ýylda Germaniýadaky türk jemgyýetine niýetlenen 14,5 million ýewronyň ogurlanandygy baradaky jenaýat işi bilen bagly.

Şol wakada Franfurtyň sudy “Deniz feneri” fondunyň üç dolandyryjysyny pul ogurlanlykda aýyplapdy. Ol fond Stambuldaky “Deniz feneri” guramasynyň bölümi.
XS
SM
MD
LG