Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada 5 adam öldi, 20-ä golaýy ýaralandy


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda syýasy ýöriş geçirilýän wagty gümän edilýän janyndan geçen bir hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde azyndan bäş adam öldi, 20 töweregi adam ýaralandy.

Swat jülgesinde geçirilýän ýörişe ýurduň hökümet agzalarynyň biriniň gelmegine hem garaşylýardy. Berilýän maglumata görä, partlama onuň gelmezinden öň amala aşyrylypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG