Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ABŞ-nyň harby kömegine mätäç däldigini aýdýar


Pakistanyň harbylary Waşingtonyň Yslamabada berýän harby kömeginiň üçden birini kemeldýändigi baradaky habarlara jogap berdi.

Pakistanyň resmileriniň aýtmagyna görä, ABŞ harby hemaýat bermäýende-de ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň söweşmäge ukyby bar.

Şeýle-de Pakistanyň resmileri ýurduň 800 million dollarlyk kömek pullaryndan kesilýändigi barada özlerine resmi ýagdaýda duýdurylmandygyny aýtdylar.

Mundan öň, “Nýu Ýork Taýms” gazeti Waşingtonyň pakistan harbylaryna berýän kömegini üçden bir kemeltmeginiň mümkindigini ýazypdy.

Gazet munuň sebäbini Waşingtonyň Yslamabatda jeňçilere garşy alnyp barylýan göreşiň derejesinden närzalygy bilen düşündiripdi.
XS
SM
MD
LG