Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy


Şu gün Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Sankt-Peterburgyň gubernatory Walentina Matwiýenko gepleşik geçirdi.

Matwiýenko öten agşam rus delegasiýasyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelipdi.

Gepleşikleriň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri, şol sanda öňki gazanylan ylalaşyklar we bilelikdäki proýektler ara alnyp maslahat edilýär.

Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistana üçünji gezek sapar edýär.
XS
SM
MD
LG