Sepleriň elýeterliligi

Azeri prezidenti Abadandaky hadysa boýunça gynanjyny bildirdi


Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew özüniň türkmen kärdeşi Gurbanguly
Berdimuhamedowa Abadan şäherinde dörän wakalar boýunça gynanjyny bildirdi.

APA habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, prezident Aliýew özüniň gynanç hatynda Abadan şäherinde dörän partlamada adam pidalarynyň bolandygy üçin özüniň juda gynanýandygyny belläpdir.

Abadan şäherinde 7-nji iýulda dörän partlamada, resmi maglumata görä, 15 adam ölüpdir. Emma garaşsyz çeşmeler bu wakada ýüzlerçe adam öldi diýýärler.
XS
SM
MD
LG