Sepleriň elýeterliligi

Wolgada batan gämiden diri galanlary tapmak umytlary azalýar


Orsýetiň resmileriniň aýtmagyna görä, Wolga derýasynda batan gämiden diri galanlary tapmak umytlary juda az.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Sergeý Şaýgunyň aýtmagyna görä, gämi düýn Tatarystanyň paýtagty Kazanyň golaýynda batypdyr.

Gäminiň üstünde 208 adam bar eken. Şaýgunyň bellemegine görä, batan gämiden 80 adam halas edilipdir.

Häzire çenli 50 adamyň jesedi suwdan çykaryldy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şu gün şeýle çykyş etdi: “Men ölenleriň ählisiniň dogan-garyndaşlaryna özümiň gynanjymy bildirýärin. Men ertir ýurtda milli matam günini yglan etmegi karar etdim”.

Gäminiň batmagynyň sebäbi anyk däl. Döwlet telewideniýesi onuň 1955-nji ýylda, şol wagtky Çehoslowakiýada ýasalandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG