Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda gümän edilýän dokuz hüjümçi öldürildi


Gazagystanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, ýurtda howpsuzlyk güýçlerine garşy hüjümleri amala aşyrmakda gümän edilýän dokuz adam öldürilipdir.

30-nji iýundan bäri, Aktobe regionunda amala aşyrylan iki sany aýry-aýrylykdaky hüjümde üç sany polisiýa işgäri öldürildi.

Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, Kenkiýak şäherinde amala aşyrylan hüjümde ýene bir ofiser öldürilipdir.

Polisiýa bu hüjümleriň yslam ekstremizmi bilen baglanyşyklydygy baradaky çaklamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG