Sepleriň elýeterliligi

Malaziýanyň premýeri Türkmenistana sapar edýär


Duşenbe güni Malaýziýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana iki günlik resmi sapary başlandy diýip, resmi Aşgabat habar berýär.

Mohd Najib Tun Abdul Razaka 2009-njy ýylyň aprelinde premýer-ministr wezipesine geçdi. Ol Türkmenistana ilkinji gezek sapar edýär.

Resmi maglumata görä, Malaýziýa hökümetiniň başlygy türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada maslahat ediler, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ençemesine gol goýlar.
XS
SM
MD
LG