Sepleriň elýeterliligi

“Petronasyň” Gyýanlyda guran gaz terminaly açylar


Türkmen hökümeti bilen “Petronas” gaz satmak boýunça ylalaşyk baglaşar diýlip garaşylýar.

Türkmen hökümeti bilen “Petronas” gaz satmak boýunça ylalaşyk baglaşar diýlip garaşylýar.

Duşenbe güni Malaýziýanyň premýer-ministriniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Bu Mohd Najib Tun Abdul Razakanyň 2009-njy ýylyň aprelinde premýer-ministr wezipesine geçenden soň, Türkmenistana edýän ilkinji saparydyr.

Malaýziýanyň premýer-ministri prezident Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda Türkmenistana sapar edýär. Bu saparyň dowamynda Mohd Najib Tun Abdul Razakanyň ýanynda onuň aýaly Datin Seri Mansor hem bar.

Resmi maglumata görä, saparyň dowamynda Aşgabadyň “Oguzhan” köşkler toplumynda Malaýziýa hökümetiniň başlygy bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özara gepleşikleri geçirer. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky uzak möhletleýin hökümetara hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahat ediler. Şeýle-de gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ençemesine gol goýlar.

Malaýziýanyň daşary işler ministri Datuk Seri Anifah Amana salgylanyp, “Bernama” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, türkmen tarapy bilen baglaşyljak şertnamalaryň arasynda: Türkmenistanyň Söwda-Senagat palatasy bilen Malaýziýanyň Söwda-Senagat milli palatasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça jarnama; Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentligi bilen Malaýziýanyň Milli nebit kompaniýasy “Petronasyň” arasyndaky gaz satmak boýunça ylalaşyk; Türkmenistan we Malaýziýa hökümetleriniň arasyndaky gaz we nebit pudaklary boýunça hyzmatdaşlyk jarnamasy; şeýle-de iki ýurduň hökümetleri arasynda daşary syýasat meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek Memorandumy ýaly dokumentler bar.

Berilýän maglumata görä, sişenbe güni Najib we Berdimuhamedow “Petronas” kompaniýasynyň Gyýanlyda guran gaz terminalynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

Şeýle-de ýekşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri we bu ugurdaky mümkinçilikleriň geňeşilendigini türkmen mediasy habar berdi.

Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan resmi maglumatyna görä, söwda boýunça Merkezi Aziýa sebitinde Türkmenistan Malaýziýanyň üçünji uly hyzmatdaşydyr. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary 29,75 million dollara deň bolupdyr. 2009-njy ýylda bu görkeziji 205,61 million dollar bolupdy.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG