Sepleriň elýeterliligi

Täjik raýaty “Jamaat ut-Tablih” toparyna dahyllylykda aýyplandy


Täjigistanyň raýaty ýurtda gadagan edilen “Jamaat ut-Tablih” atly yslamçy topara degişli aýal-gyzlar guramasyny döredenlikde aýyplandy.

Hatlon welaýatynyň prokurorynyň kömekçisi Tolibjon Azimowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Murodbek Kalandarow Sarband şäherinde “Masturot” atly aýal-gyzlar guramasynyň bölümini döredenlikde aýyplandy.

Kalandarow 2008-nji ýylda, student wagty yslamçy topara goşulypdyr.

Täjigistanyň Ýokary sudy “Jamaat ut-Tablih” toparyny 5 ýyl mundan öň gadagan edipdi.
XS
SM
MD
LG