Sepleriň elýeterliligi

Belarusda Azatlyk Radiosynyň žurnalistine jerime salyndy


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Belarusyň günbatarynda bolan bikanun proteste gatnaşanlykda aýyplandy we oňa 200 dollar çemesi jerime salyndy.

Mihail Karnewiç 3-nji iýuldaky protest bilen bagly Hrodna şäherinde jogapkärçilige çekildi.

Belarusyň Garaşsyzlyk günündäki protestlere ýüzlerçe adam gatnaşdy we olar prezident Lukaşenkonyň syýasatyna nägileliklerini ellerini çarpmak bilen bildirdiler. Protestlerde 400 çemesi adam tussag edildi.

Karnewiç özüne bildirilen aýyplamanyň toslamadygyny we ony şikaýat etjekdigini aýdýar.

Duşenbe güni Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn Mihail Karnewiçe bidirilen aýyplamany tankytlady we Belarus häkimiýetleriniň “dymyşlyk protestleri” barada habar beren žurnalistlere basyş edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG