Sepleriň elýeterliligi

BMG Merkezi Aziýada has giň suw hyzmatdaşlygyna çagyrýar


Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň Amyderýanyň suwundan bilelikde peýdalanmagy sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde möhüm rol oýnap biler.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça programmasynyň ýaýradan hasabatynda Amyderýa - Owganystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan üçin möhüm tebigy resurs diýlip bellenýär.

Amyderýanyň ýokarky akymlarynyň resurslaryndan oba hojalyk zeruryýeti üçin köp peýdalanylmagy derýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýän döwletlerde potensial kynçylyklary döredýär diýilýär.
XS
SM
MD
LG