Sepleriň elýeterliligi

HRW Buşuň administrasiýasy barada aýdylýanlary derňemäge çagyrýar


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasyny ýurduň ozalky prezidenti Jorj Buşuň administrasiýasynyň tussaglara garşy gynamalaryň ulanylmagyna rugsat berendigi barada aýdylýanlar boýunça jenaýat derňewini başlatmaga çagyrdy.

“Human Rights Watch” bu çagyryşyny özüniň 107 sahypalyk hasabatynda mälim edýär. Hasabatda bellenmegine görä, Obamanyň administrasiýasy, tussaglara garşy gynamalary we jebir-sütemleri derňemändigi üçin, Gynamalara garşy konwensiýanyň şertlerini doly berjaý edip bilmändir.
XS
SM
MD
LG