Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn Gündogar boýunça “dörtlük” ylalaşyp bilmedi


Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerini alyp barýan “dörtlük” Palestina-Ysraýyl arasyndaky togtan ýaraşyk gepleşiklerini dikeltmek boýunça ylalaşyp bilmediler.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow duşenbe güni Waşingtonda duşuşypdy.

Palestinalylar şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek BMG-niň Baş assambleýasyndan öň özleriniň Garaşsyzlyk arzasyny hödürlemekçi.
XS
SM
MD
LG