Sepleriň elýeterliligi

“Bulgariýa” gämisiniň batmagynda azyndan 83 adam öldi


“Bulgariýa” gämisiniň batmagy netijesinde häzire çenli 83 adamyň ölendigi resmi taýdan tassyklandy.

Tatarystanda heläkçilige uçran gämidäki adamlaryň onlarçasy dereksiz ýiten hasaplanýar.

“Bulgariýanyň” üstündäki 200 töweregi ýolagçydan, diňe 79-ny halas etmek başartdy.

Bilermenleriň pikiriçe, gäminiň batmagynyň esasy sebäpleriniň biri - onuň tehniki näsazlygy we üstünde çenden aşa köp adamyň bolmagy.

Bu heläkçilik bilen baglylykda sişenbe güni Orsýetde matam güni.
XS
SM
MD
LG