Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň geljegi we Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy


Owganystanyň demirgazygynda müňlerçe daşary ýurt harbylarynyň ýerleşýänligine garamazdan, serhediň golaýynda ýaşaýan täjikleriň nukdaýnazaryndan aýdylanda, serhetaşa howp eýýäm gündelik durmuşuň bir bölegine öwrülen.
Owganystanyň demirgazygynda müňlerçe daşary ýurt harbylarynyň ýerleşýänligine garamazdan, serhediň golaýynda ýaşaýan täjikleriň nukdaýnazaryndan aýdylanda, serhetaşa howp eýýäm gündelik durmuşuň bir bölegine öwrülen.
Owganystan bilen serhetdeş ýurtlaryň geljekde howpsuzlyk problemalary bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mümkin. Sebäbi, eger Owganystanyň öz harbylary ýurdy goramagy başarsalar-da, “Talybanyň” gitmäge başga ýerleri bar. Bu Birleşen Ştatlaryň öňki goranmak sekretarynyň kömekçisi bolup işlän Set Kropseýniň pikiri.

“Talybanyň” häzirki döwürde Merkezi Aziýada hereket edýän agzalarynyň bolmazlygy ahmal, emma Owganystanyň demirgazygynda howpsuzlygyň günsaýyn ýaramazlaşýan häzirki günlerinde amerikan we beýleki daşary ýurt harbylarynyň, çäkli derejede hem bolsa, ýurdy terk etmegi, gowşak hökümetler tarapyndan dolandyrylýan merkezi aziýa ýurtlaryna ýaramaz täsir ýetirip biler.

Täjigistan ynjyk

Synçylaryň aýtmagyna görä, bu mesele boýunça Täjigistanyň ýagdaýy hasam ynjyk, sebäbi Owganystan bilen 1,400 kilometer serhet liniýasy bolan Täjigistan Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň arasynda ykdysady taýdan iň garyby diýlip hasaplanýar.

Täjigistanyň ynjyk bolmagynyň beýleki bir sebäbi hem onuň günsaýyn ýaramazlaşyp barýan howpsuzlyk ýagdaýydyr. Şol ýurtda Emomali Rahmonyň hökümetine garşy göreş alyp barýan ençeme toparlar bar. Olar diňe ýerli gozgalaňçy toparlar bilen çäklenmän, olaryň arasynda “Özbegistanyň yslam hereketi” ýaly toparlar hem bar. Onuň “Al-Kaýda” we Owganystanda hereket edýän “Talyban” topary bilen ýakyn gatnaşygynyň bardygy aýdylýar.

Düýbi 1991-nji ýylda tutulan “Özbegistanyň yslam hereketiniň” esasy maksatlaryndan biri Aşgabatdan başlap, Bişkek bilen aradaky regiony öz içine alýan “Yslam halyflygyny” döretmekden ybaratdyr.

Yslamçy hereketler tarapyndan abanýan howp belli bir derejede çynlakaý, emma Merkezi Aziýada ýerleşýän käbir ýurtlaryň ýolbaşçylary şeýle hereketler tarapyndan salynýanlygy aýdylýan howpy daşary ýurtlardan mäliýe kömegini almak üçin gural hökmünde-de ulanýar diýlen pikir bar.

ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň ýanyndaky Bernard Kolejiniň professory we “Bazalaýyn syýasat” atly kitabyň awtory Aleksandr Kuleýiň aýtmagyna görä, esasanam Täjigistan barada aýdylanda, gozgalaňçy toparlaryň howpy juda çynlakay. “Ýurduň gündogar etraplarynyň howpsuzlyk ýagdaýlary ýaramazlaşýar. Şeýlelikde şol etrapda serhetaşa kampaniýalaryň we gozgalaňçy hereketleriň möwjemegi mümkin” diýip, Kuleý belleýär.

Owganystanyň demirgazygynda müňlerçe daşary ýurt harbylarynyň ýerleşýänligine garamazdan, serhediň golaýynda ýaşaýan täjikleriň nukdaýnazaryndan aýdylanda, serhetaşa howp eýýäm gündelik durmuşuň bir bölegine öwrülen.

“Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň 9-njy iýulda çap eden maglumatyndan çen tutulsa, käbir adamlar täjik-owgan serhedini geçip, Täjigistanyň raýatlaryny zamun alyp, yzyna gaýdýarlar. Soňky döwürlerde şeýle wakalara juda köp duş gelinýänligi aýdylýar. Zamun alnan adamlar soňra uly möçberde puluň deregine boşadylýar.

Neşe gaçakçylygy

Jenaýatçy we gozgalaňçy toparlar bilen bir hatarda şol serhet bilen bagly neşe gaçakçylygy hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Orsýeti alada goýýan beýleki bir mesele. Orsýetiň neşä garşy göreş boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Wiktor Iwanow 1-nji iýulda Täjigistanda eden çykyşynda Orsýetiň şol serhediň gözegçiligine kömek etmek üçin Täjigistana esger iberip biljekdigini aýtdy.

Gyrgyz resmileri hem ýurduň günortasynda dowam edýän dartgynlylyga owgan neşesinden gelýän girdejiniň badalga berýänligini aýdýarlar. Özbegistan hem öz nobatynda 2005-nji ýylda Andijanda bolan wakanyň aňyrsynda Owganystanda hereket edýän käbir toparlaryň rolunyň bolanlygyny aýdýar.

Owganystan bolsa Merkezi Aziýa bilen aradaky serhet liniýalaryny goramak üçin ýeterlik serişdeleriniň ýokdugyny öňe sürýär. Bu pikiriň müňlerçe daşary ýurt harbylarynyň ýurduň demirgazygynda ýerleşýän häzirki pursatynda orta atylmagy, daşary ýurt harbylary yzyna çekilensoň, Owganystanyň serhediniň ýagdaýy nähili bolar diýlen soragy döredýär.

Amerikaly öňki harby ýolbaşçy Set Kropseý şeýle ýagdaýyň öňden hem syýasy durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyny hasam sorag astynda goýjakdygyny çak edýär.

“Belli bolşy ýaly, Gyrgyzystanda we Özbegistanda uly problemalar bar. Syýasy durnuksyzlyk Merkezi Aziýada uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän meseledir. Haýsydyr bir ýurt syýasy taýdan durnukly bolmasa, onuň daşary ýurtlardan abanýan howpuň öňüni almak mümkinçiligi hem çäkli bolýar” diýip, ozalky amerikan ýolbaşçysy belledi.

Ýakynda Kanadanyň harbylary Owganystan boýunça söweş missiýalaryny bes edendiklerini yglan etdiler. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň 22-nji iýunda amerikan harbylaryny Owganystandan çekip başlajakdygy barada eden çykyşyndan soňra, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa hem özleriniň harbylaryny yzlaryna çagyryp başlajakdyklaryny mälim etdiler.

Orsýetli synçy Aleksandr Dugin şeýle ýagdaýda Owganystanyň geljegi baradaky aladalaryň hakyky we juda çynlakaý bir mesele bolmaklygyna galýanlygyny belläp, bu ugurda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň ýakynda Gazagystanda geçirilen sammitinde hem diskussiýa edilenligini belledi.

Merkezi Aziýa abanýan howp bilen bir hatarda Owganystanyň öz howpsuzlygy we onuň geljegi hem häzirki ýagdaýda uly sorag. Emma, käbir synçylaryň aýtmagyna görä, bu soraglaryň jogaby daşary ýurt harbylary ýurdy doly terk edende, ýzynda nähili administrasiýa galdyrar diýlen meselä bagly bolar.
XS
SM
MD
LG