Sepleriň elýeterliligi

Diktaturanyň ýaşy


Müsüre 30 ýyllap prezidentlik eden Hosni Mubarek 11-nji fewralda häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Müsüre 30 ýyllap prezidentlik eden Hosni Mubarek 11-nji fewralda häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Käbir adamlar döwlet dolandyryşynda demokratiýanyň islendik jemgyýet üçin iň gowy formadygyna şübheli garasa-da, Winston Çerçil aýtmyşlaýyn, adamzat jemgyýetinde entek demokratiýadan gowy döwlet dolandyryş usuly tapylanok.

Adamzat jemgyýetiniň ýaşaýyşyň döwletlilik formasyna geçenine heniz köp wagt bolanok diýsek ýalňyşmarys. Milli döwlet (Nation–state) konsepsiýasynyň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi bolsa Ýewropadaky monarhiýa we milli baýlygyň deň paýlaşylmagyna päsgel berýän feodal sistema netijesinde ýönekeý halkyň öz hak-hukuklaryny talap etmegi, ýagny ykdysady çeşmelere elýeterliligiň adalatly bolmagynyň talap edilmegi bolupdy. (E.Kant).

Halky jebisleşdirip biljek ykdysady bähbitden başga ideologiýanyň bolmazlygy, bolaýan yagdaýynda-da olaryň Günbatarda dürli-dürli bolmagy wagtyň geçmegi bilen ideologiýalaryň bölünmegine we köpdürlilige getirdi. Jemgyýetde göreş başlandy, indiwidual hukuklar öňe çykyp başlady. Häkimiýet diňe patyşanyň elinde bolsa-da, şol wagtky monarhiýa şu günki döwlet funksiýalarynyň ençemesini ýerine ýetirip biljek güýje eýedi.

Emma bu ýagdaý Merkezi Aziýada başgaçarak boldy. Bu regionda adamlar köpçülik bolup ýaşady, tebigy betbagtçylyklar, söweş howplary adamlaryň üýşüp ýaşamagyna itergi berdi. Şol sebäpli şahsyň (indiwidiň) öňe çykmagy mümkin däldi.

SSSR döwründe Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dolandyryş formalary döwlet dolandyryşyna meňzeş hem bolsa, aslynda döwlet kanunyň hökmürowanlygy, halkyň pikiri ýaly demokratiýanyň fundamental esaslary arkaly däl-de, ideologiýanyň bähbidi üçin dolandyrylýardy.

Şol döwürde bu ýurtlarda şahsyýetiň diktaturasy däl-de, institusiýanyň, ýagny partiýanyň diktaturasy saýlap alyndy. Režimler awtoritar häsiýetdedi, halkdan gelýän tekliplere jogap berip biljek ýa-da olary ýok edip biljek mehanizm bardy. Eger şeýle bolmasa, halkyň reaksiýasy institusiýalara däl-de, prezidente ýa döwletiň başyndaky adam gönükjekdi.

Bir adam

Garaşsyz Türkmenistanyň ýetmezçiligi halkyň talabyna jogap bermek mümkinçiliginden mahrum bolmagydyr. Türkmenistanda diktaturanyň ýol almagynyň sebäbi bir adamyň hemmeleri kontrol etmek isleginden hem başga, hökümet halkdan gelýän tekliplere jogap bermäge ukypsyz. Şonun üçin hökümet olaryň sem edilmegini dogry hasaplaýar. Bu ýol hökümet üçin iň aňsat ýol, täsirini hem çalt görkezýär.

Gynandyrýan ýeri bolsa, partiýanyň ideologiýasynyň ýerini bir adamyň şahsyýet kulty doldurdy. Muňa öňüni alyp bolmajak syýasy proses ýa-da "milli döwlet" konsepsiýasynyň ewolýusiýasy diýip bolar. Indi esasy sorag: şeýle prosesler netijesinde dörän diktaturalar näçe wagt dowam eder?

1922-nji ýylda gurlan SSSR 1991-nji ýylda ýykylsa-da, ol 1985-nji ýylda başlanan üýtgedip gurmak prosesi bilen iş ýüzünde ýykylmaga başlady. Ýagny bu režim 63 ýyl dowam etdi.

Muammar Kaddafi 1969-njy ýylda Liwiýanyň häkimiýet başyna geçdi we onuň kürsüsi 2011-nji ýylda, ýagny 42 ýyl soň yraň atyp başlady.

Saud Arabystany barada aýdylanda, regionda bolup geçýän gozgalaňlar saudy hökümetini biperwaý goýmaz. Hökman birzatlar üýtgär. Ganly repressiýalar başlansa, bu diktatura üçin gowulyga getirmez.

Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ölmegi radikal üýtgeşmelere getirmese-de, soňunda hökmany suratda sistema üýtgemeli bolar. 1948-nji ýylda gurlan Demirgazyk Koreýa 53 ýaşynda we lideriniň üýtgemegi baradaky gürrüňler köpden bäri dowam edýär.

Türkmenistan 20 ýaşynda. Häkimiýetň belli bir derejede nalajedeýinligi sebäpli bu ýurtda güýçli diktatura ornaşdy, halky gorky bilen saklamaga synanyşýan (saklaýan däl, diňe synanyşýan) güýçsüz bir döwlet bar.

Diktatorlar indi özlerini "sowuk uruş" döwründäki ýaly arkaýyn duýmaýarlar, sebäbi dünýä hakykatdan hem köppolýarly ýagdaýa geldi we şu bölünişikde "bitarap" diýen konsepsiýa öz güýjüni ýitirýär.

Ýokarda agzalan şertleri we sebäpleri göz öňünde tutsak, bu günki gün diktaturanyň ýaşynyň näçe boljakdygy belle däl. Ýöne bir zat juda aýdyň: diktaturalar uzak wagtlap dowam etmez. Muňa mysal edip, Orta Gündogardaky wakalary görkezip bolar. Diktaturadan demokratiýa geçişiň minimal ýitgili bolmagyny gazanmak bolsa öz wezipelerine "baky gelen" diktatorlaryň ukybyna we öňdengörüjiligine bagly.

Diktatura bilen demokratiýanyň arasynda durmak şu günüň syýasy şertlerinde mümkin däl, bu ýagdaýy diňe belli bir wagta çenli uzaldyp bolar. Wagt ugruňy saýlamagy talap edýär.

Galkan Remow halkara gatnaşyklary we adam hukuklary boýunça türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG