Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Abadan hadysasy boýunça gynanç bildirdi


Sişenbe güni Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gürleşip, Abadan şaherinde dörän adatdan daşary ýagdaýlar barada özbek halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirdi.

Karimow Abadan şäherindäki hadysada ölenleriň maşgalalaryna we hossarlaryna gynanç bildirdi diýip, resmi türkmen habarlarynda aýdylýar.

Berdimuhamedow kärdeşi Karimowa goldawy, duýgudaşlygy we kömek teklip edendigi üçin minnetdarlygyny bildiripdir. Ol Abadan şäheriniň töwereginiň durnuklydygyny hem aýdypdyr.

7-nji iýulda Abadan şäherinde dörän partlamadan, resmi maglumata görä, 15 adam ölüpdir. Emma garaşsyz çeşmeler bu wakada 200-e golaý adam öldi diýýärler.
XS
SM
MD
LG