Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň “Wozroždeniýe” kompaniýasy Aşgabadyň töwereginde ýol gurar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň töwereginde awtoulag ýoluny gurmak barada halkara tenderiň netijeleri boýunça karara gol goýdy. Şol ýoly Orsýetiň “Wozroždeniýe” atly kompaniýasy gurar.

Bu karara Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň gubernatory Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy wagtynda gol goýdy diýip, resmi habarda aýdylýar. Golaýda Matwiýenko Türkmenistana resmi sapar etdi.

Täze awtoulag ýoluny gurmak baradaky ylalaşyga Aşgabat şäher häkimligi we “Wozroždeniýe” kompaniýasy gol goýar. Täze awtoulag ýolunyň gurluşygyna şu ýylyň awgustynda başlanar.
XS
SM
MD
LG