Sepleriň elýeterliligi

Özbek žurnalistleriniň biri açlyk çekmegini togtatdy


Özbegistanda metbugat azatlygynyň bozulmagyna protest bildirýän zenanlaryň biri mejbury ýagdaýda keselhana ýerleşdirilenden soňra, açlyk çekmegini togtatdy.

Saodat Amanowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol açlyk çekmeginiň 16-njy gününde saglyk ýagdaýynyň juda ýaramazlaşmagy sebäpli keselhana ýerleşdirilipdir.

Onuň kärdeşi Malohat Eşonkulowa açlyk çekmegini dowam etdirjekdigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Özbegistanda adam hukuklaryny garaşsyz goraýjylar” atly toparyň başlygy Suret Ikramowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol žurnalistleriň protestine hiç hili gyzyklanmanyň ýokdugyna geň galypdyr.

Ikramow Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky ilçihanasyna jaň edendigini habar berdi. Ol Britaniýanyň we Germaniýanyň ilçihanalarynyň resmilerini hem bu çäre bilen habardar edipdir.

Amanowa we Eşonkulowa 27-nji iýunda prezident Islam Karimowyň rezidensiýasynyň golaýynda açlyk çekmäge başlamakçy bolanlarynda saklanypdylar. Soňra olar tussag edildiler.

Daşkendiň sudy žurnalistlere 1,500 amerikan dollary möçberinde jerime saldy. Olar rugsat edilmedik proteste çykanlykda günälendiler.

Bu iki zenan prezident Karimow bilen duşuşyp, “Ýaslor” telekanalyndaky senzurany maslahatlaşmak isleýärler.

Geçen ýylyň dekabrynda olar Daşkendiň merkezindäki meýdançada senzura garşy üç günläp protest edenden soňra, “Ýaşlor” telekanalyndan işden boşadyldylar.
XS
SM
MD
LG