Sepleriň elýeterliligi

Baku Watikanyň arhiwlerinden 60 golýazmanyň nusgasyny aldy


Azerbaýjanyň hökümeti Watikanyň ýapyk arhiwlerinden orta asyrlara degişli 60-a golaý golýazmanyň nusgasyny aldy.

Azerbaýjanyň Golýazmalar institutynyň departamentiniň başlygy Farid Alakbarliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, azeri alymlary tarapyndan tapylan şol dokumentleriň arasynda Nyzamy, Fizuly, Nesimi, Maragaýi we Nasreddin Tusi ýaly alymlaryň, şahyrlaryň işleri bar.

"Watikan olary CD ýagzygysa geçirip, azeri resmilerine berdi. Arapça we parsça ýazylan bu işler latyn elipbiýine geçiriler" diýip, Alakbarli sözüne goşdy.

Şol gymmatly golýazmalaryň arasynda “Gorkut Ata” kitabynyň nusgasy hem bar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG