Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda terrorizmde aýyplanýan 53 adam sud edilýär


Sişenbe güni Täjigistanda gadagan edilen “Özbegistanyň yslam hereketi” atly toparyň agzasy bolanlykda şübhelenilýän 53 adama garşy sud işi başlandy.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, olar 2010-njy ýylda özüni partladan adamyň hüjümini gurnapdyrlar. Şol wakada 3 adam ölüp, 28 adam ýaralanypdy.

Geçen ýylyň 3-nji sentiýabrynda ajalyna kaýyl Akmal Karimow partlaýjy serişde ýüklenen awtoulagyny Hojent şäherinde ýerleşýän polisiýanyň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça edarasynyň howlusynda partladypdy.

Sud edilýän 53 adamynyň arasynda şol hüjümçiniň erkek dogany hem bar.

Sud ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG