Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň baş diplomaty amerikan ýolbaşçylary bilen duşuşýar


Şu gün Waşingtonda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen gepleşikler geçirýär.

Gepleşikleriň dowamynda maslahat ediljek esasy meseleleriň biri Obamanyň administrasiýanyň Ýewropadaky raketa planlary bolar diýlip garaşylýar.

Sişenbe güni Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasynda çykyş eden Lawrowyň bellemegine görä, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky proýekt Orsýetiň howpsuzlygyna zeper ýetirip biler diýip, Moskwa alada bildirýär.

Gepleşikleriň dowamynda Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy boýunça hem maslahat ediler diýip, Lawrow mälim etdi we bu meseläniň uzaga çekendiginden şikaýat etdi.
XS
SM
MD
LG