Sepleriň elýeterliligi

Owganystanly häkimiň awtokerwenine hüjüm edildi


Şu gün Owganystanda ýurduň möhüm häkimleriniň biriniň awtokerwenine hüjüm edildi. Bu wakada iki owgan esgeri ýaralandy.

Helmand welaýatynyň häkimi Gulab Mangal ýurduň prezidenti Hamid Karzaýyň inisiniň jaýlanyş merasymyna barýan wagty, oňa Kandagar welaýatynda hüjüm edildi.

Bu wakada häkim Mangal we welaýatyň aňtaw gullugynyň başlygy aman galdylar. Soňra olar Ahmed Wali Karzaýyň jaýlanyş çäresine bardylar.

Jaýlanyş çäresinde howpsuzlyk şertleri güýçlendirildi.

Ahmed Wali Karzaý sişenbe güni Kandagardaky öz öýünde maşgala janpenasy tarapyndan atylyp öldürlipdi. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG