Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda iki gazete garşy suda berlen arzalar ýatyryldy


Belarusyň häkimiýetleri iki sany garaşsyz gazetiň ýapylmagyna garşy suda beren arzalaryny ýatyrdylar.

Şu ýylyň aprel aýynda ýurduň Informasiýa ministrligi “Naşa Niwa” we “Narodnaýa wolýa” gazetlerine garşy arza beripdi.

Ondan öň bu gazetlere bolýan wakalary, şol sanda 11-nji aprelde Minskidäki metro stansiýasynyň partladylmagy bilen bagly wakalary “ýalňyş berýär” diýip, üç gezek duýdurş berlipdi.

Şu gün Minskiniň Ýokary ykdysady sudy “Narodnaýa wolýa” gazetine garşy berlen arzany ýatyrdy. “Naşa wolýa” gazetine garşy berlen arza bolsa sişenbe güni ýatyrylypdy.

Bu kararlaryň sebäbi barada hiç hili düşündiriş berilmedi.
XS
SM
MD
LG