Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada Hazaryň statusy boýunça maslahat geçiriler


19-20-nji iýul aralygynda Moskwada Hazaryň hukuk statusy boýunça Konwensiýany işläp düzýän Ýörite iş toparynyň maslahaty geçiriler.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň delegasiýalary gatnaşarlar diýip, habar berýär.

Orsýetiň paýtagtynda geçiriljek bu maslahat daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki nobatdaky 29-njy duşuşyk bolar.

Gepleşikleriň dowamynda dürli meseleler, şol sanda Orsýetde geçiriljek dördünji Hazar sammitine taýýarlyk barada hem maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG