Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede planlaşdyrylan hüjümiň öňi alyndy


Türkiýede planlaşdyrylan bir hüjümiň öňi alyndy we soňky iki günüň dowamynda “Al-Kaýda” toparynyň söweşijileridir öýdülýän 15 adam tussag edildi. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Resmi beýanatda berilýän maglumata görä, duşenbe güni Ankaranyň eteklerinde bir adam “operasiýany amala aşyrjak bolup duran wagty” tussag edilipdir.

Tussag edilenleriň ýanyndan ýaraglar, ok-däriler we “Al-Kaýda” guramasyna degişli dokumentler tapyldy diýip, türk resmileri aýdýarlar.

Şeýle-de, ministrligiň beýanatynda bellenmegine görä, başga-da 14 adam paýtagtyň töwereklerinde, demirgazykdaky Bursa we Ýalowa şäherlerinde ele salnypdyr.

“Al-Kaýda” toparynyň Türkiýedäki bölümi 2003-nji ýylda ýurtdaky iki sany sinagoga we Britaniýanyň konsullugyna hüjüm etmekde, şeýle-de 60 töweregi adamyň ölümine sebäp bolan bank hüjüminde aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG