Sepleriň elýeterliligi

Human Rights Watch guramasy Buşuň resmilerine garşy jenaýat derňewiniň geçirilmegine çagyrýar


Guantanamo türmesindäki tussaglar ybadat mahalynda, 2009-njy ýyl.

Guantanamo türmesindäki tussaglar ybadat mahalynda, 2009-njy ýyl.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara “Human Rights Watch” guramasy Amerikanyň Birleşen Ştatalarynyň prezidenti Barak Obamany öňki prezident Jorj Buşuň administrasiýasyna garşy tussaglary gynamaga buýruk berendigi bilen bagly derňew işlerini başlamatga çagyrdy. Gurama bu hakda sişenbe güni yglan eden 107 sahypadan ybarat hasabatynda mälim etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş we goranmak ministri Donald Rumsfeld 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky hüjümden alty gün soň geçirilen metbugat konferensiýasynda, Waşington.
Hasabatda Obamanyň administrasiýasynyň Gynamalara garşy Konwensiýa gol çekendigine garamazdan, tussaglara garşy ulanylýan gynamalar barada ABŞ-nyň administrasiýasynyň derňew geçirmändigi aýdylýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň hasabatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň önki prezidenti Buşuň we onuň golastyndaky ýene-de üç sany resminiň tussaglara garşy gynamalary goldamak barada buýruk bereni üçin sud jogapkärçiligine çekilmelidigi aýdylýar.

Sişenbe güni yglan edilen bu hasabatda adam hukuklaryny goraýjy gurama, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan wakalardan soň, Buşuň administrasiýasynyň terrorçylyk hüjüminde gatnaşygy bar diýlip güman edilýän tussaglara garşy gynamalary goldananlygy bilen bagly “örän köp delilleriň” bardygy bellenýär.

“Gynamalar üçin jogapkärçilikden gaçmak: Buşuň administrasiýasy we tussaglara garşy adamkärçilige sygmaýan gazaply çäreler” diýlip atlandyrylan bu hasabatda wise-prezident Dik Çeýniniň, şol wagtky goranmak ministri Donald Ramsfeldiň we Merkezi aňtaw gullugynyň başlygy (CIA) Jorj Tenentiň tussaglara garşy gynamalaryň, ýagny bikanun hereketleriň amala aşyrylmagy barada sanksiýa berenligine delilleriň bardygy nygtalýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň terrorçylyk we terrorçylyga garşy programma boýunça analitigi Andera Prasou Guantanamo harby bazasynda ABŞ-nyň harby komissiýasynyň garamagyndaky birnäçe tussaglary gorapdyr.

“Hasabatda jemgyýetçilige äşgär bolan deliller hem bar. Buşuň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň şol gynamalar üçin derňelmelidigi, belki, jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigi anyk aýdylýar” diýip, adam hukuklaryny goraýjy aýdýar.

Öňki wise-prezident Dik Çeýni bikanun tussag etmek programmasynyň we olary kanuna laýyklykda aklamaga gönükdirilen beýanatlary düzmek işleriniň arkasynda duran esasy güýç bolanlykda günälenýär. Merkezi aňtaw gullugynyň öňki başlygy Jorj Tenent bu hasabatda tusssaglary suwa çümdürip, gark edip gynamak we tussaglary üçünji döwletler bilen çalyşmak programmasyny amala aşyranlykda aýyplanýar.

Guramanyň hasabatynda ABŞ-nyň BMG-niň Gynamalara garşy Konwensiýasyna gol çeken dokumentine laýyklykda, prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň, gynamalaryň we tussaglara garşy adamkärçilige sygmaýan gazaply çäreleriň goldanandygy üçin, geçiriljek derňew işlerine jogapkärdigi aýdylýar.

“Human Rights Watch” guramasy Barak Obamanyň administrasiýasyndan Buşa we onuň emeldarlaryna garşy jenaýat işini gozgamagy talap edýär.

Kanuny borç

Guramanyň terrorçylyk we terrorçylyga garşy programma boýunça analitigi Andera Prasounyň sözlerine görä, Gynamalara garşy Konwensiýanyň prinsiplerine görä, her bir döwletiň bu barada ýörite kanun kabul etmegi mümkin.

“Konwensiýanyň prinsipine görä, gynamalar iň erbet we elhenç jenaýat hasaplanýar. Gynamalary goldaýanlar nirede bolsalar-da derňelip, jogapkärçilige çekilmeli. Şonuň üçin ABŞ-nyň, bu Konwensiýa gol çeken beýleki döwletler üçin, dernew geçirmegi möhüm” diýip, Prasou aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Munuň netijesini biz bireýýäm gördük. Hususan-da, önki prezident Jorj Buş Şweýsariýa barmakçy boldy. Şondan birnäçe gün öň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we gynamalaryň pidalarynyň onuň üstünden Şweýsariýanyň resmilerine şikaýat arzaralyny tabşyrjakdyklary barada habar ýaýrady. Şondan soň, Buş saparyny goýbolsun etmäge mejbur boldy”.

Obama prezident bolandan soň, onuň gol çeken ilkinji dokumentleriniň biri Merkezi aňtaw gullugynyň tussaglary üçünji döwletler bilen çalyşmak programmasyny togtatmak we daşary ýurtlardaky gizlin türmeleri ýapmak baranda boldy. Ol ABŞ-da tussaglara garşy gynamalar umuman goldanmaýar diýip, beýanat etdi.

Buşuň Milli howpsuzlyk gullugynyň agzasy bolan we Donald Ramsfeldiň administrasiýasynyň önki işgäri Jemi Flaý HRW-niň hasabatynda täzelik görmeýändigini aýtdy. Ol häzir Waşingtondaky “Daşarky syýasy inisiatiwa” merkeziniň başlygy.

“Tussagy suwa çümdürip, gark etmegiň gynamanyň bir usulydygy, Buşuň administrasiýasynyň 11-nji sentýabr wakalaryndan soň amala aşyran käbir hereketleri barasynda milli howpsyzlyk nukdaýnazaryndan dawalar halkara we amerikan toparlarynyň arasynda köpden bäri dowam edip gelýär. Emma ABŞ kanunlar bilen dolandyrylýar. Buşuň hökümeti hem, Obamanyň hökümeti hem öz hereketleriniň kanunyň çäginden çykmaýandygyny, şeýle-de hereketleriň hukuk öwrenijiler tarapyndan makullanýandygyny nygtap gelýärler”.

Onuň sözlerine görä, şonuň üçin Ak Tamyň häzirki administrasiýasynda öňki administrasiýany derňemek mümkinçiligi az: “Men prezident Obamanyň administrasiýasynyň emeldarlarynda bu meselä gaýtadan seretmek isleginiň bardygyny duýmadym. Aslynda, meniň pikirimçe, Birleşen Ştatlaryň resmilerinde bu meselä kelle agyrdyp oturmak islegi ýok”.
XS
SM
MD
LG