Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hatam Taýa öwrülen energiýa problemasy


Möwlamow: "Elektrik energiýasynyň halkyň sarp etmegine goýberilýän böleginiň örän ujypsyzdygyna düşünýän elektrikçiler halkyň arz-şikaýatyny diňlemekden bizar".
Möwlamow: "Elektrik energiýasynyň halkyň sarp etmegine goýberilýän böleginiň örän ujypsyzdygyna düşünýän elektrikçiler halkyň arz-şikaýatyny diňlemekden bizar".
Hatam Taý hakyndaky rowaýat musulman ýurtlarynda gadymdan bäri aýdylyp gelinýär. Bu rowaýat halklaryň arasyna arap döredijiliginden gelip ýeten. Rowaýatdan mälim bolşy ýaly, araplaryň Taý taýpasyndan bolan Hatem diýen bir kişi örän sahy eken. Ol elinde bary-ýoguny halka paýlap berip, halka kömek edip ýören adam bolupdyr. Şol jähtden türkmenlerde hem eli açyk, ile-güne haýyr-sahawat paýlap ýören sahy adamlara «Hatam Taý ýaly adam» diýip, baha berýärler.

Orsiýetden Garaşsyzlygyny alyp, özbaşdak gadam urup ugran Türkmenistan durmuşyň köp meselesinde Hatam Taýa öwrülmegi maksat edinene meňzeýär. Goňşy ýurtlara egin-eşik, un ibermek ýaly meseleleri agzamanymyzda hem onuň energetika pudagy boýunça edýän sahylygyny hökman agzap geçmelidiris.

Türkmenistan Täjigistana, Eýrana, Türkiýä, Owganystana elektrik energiýasyny satýar. «Goňşa kömek bermek sogap iş hasaplanýar» diýip, Türkmenistan ençe ýyllaryň dowamynda Owganystana berýän elektrik energiýasyny ýeňillikli nyrhdan — her kilowat-sagat üçin 2 sentden iberip geldi.

Türkmenistanyň Galkynyşlar zamanasyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda Türkmenistanyň iberen elektrik energiýasy üçin Owganystanyň birnäçe ýylyň dowamynda toplanan — ABŞ-nyň 3,8 million dollaryna golaý bergisi bolsa hasapdan öçürildi. «Bu hoşniýetlilik çäresi Türkmenistanyň parahat we durnukly durmuşy gurmak döwrüni başdan geçirýän goňşy ýurt bilen dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek isleginden gelip çykýar» diýip, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ýagdaýyň näme sebäpden şeýle bolandygyny ýazyp düşündiripdiler.

Goňşy ýurtlara, dostlukly gatnaşylýan ýurtlara kömek etmek, elbetde, gowy zat. Ýöne özüňe bol-telki ýetmeýän harydyňy ile paýlap, Hatam Taýlyk etmek, eýsem, gerekmikä?

Ýurduň welaýatlaryndaky we oba-şäherçelerindäki, etraplaryndaky ýagdaýlar hakda gürrüň edilmände-de, ullakan döwletiň merkezi şäheri bolan paýtagtda bolup geçýän wakalar Türkmenistanyň Hatam Taýa meňzejek bolmasynyň halka örän agyr düşýändigine güwä geçýär.

Tok göterenok

Türkmenler hem indi tehniki progresiň ösmeginiň netijesinde oýlanyp tapylýan her hili tehnikalary ulanyp başladylar. Kompýuterler, split sistemaly sowadyjylar, elektrik togy bilen nahar bişirýän, nahar gyzdyrýan enjamlary her bir türkmen öýünde görüp bolmasa-da, halkyň aglaba bölegi bu zatlardan peýdalanýar. Her bir tehnikany ulanmak üçin elektrik togy gerek. Hatda indi akyşy örän pes suwlar hem elektrik togunyň güýji bilen işleýän nasosly sorulyp alynýar. Türkmenistanyň ýakyp barýan jöwzaly howasynda kondisioneri — öýi sowadyjy agregatlary, holodilnikleri ulanman ýaşamak mümkin däl.

Gepiň kelte ýeri — dünýäniň ähli ýerinde adamlaryň ählisiniň başyndaky ýagdaý türkmenleriň hem başynda bar — indi elektrik energiýasyz ýaşaýyş mümkin däl. Türkmenleriň-de durmuşy elektrik energiýasyna baglandy.

Halkyň peýdalanmagy üçin juda az elektrik energiýasy goýberilýär. Kondisionerler işläp bilmän öçýärler. Çyralar bolsa örän pes ýanýar. Hatda çyralaryň körekliginden öýüň içi garalma derejesine barýar. Ýa-da çyralar gözüni gyrpýan adam ýaly, bir öçüp-bir ýanyp, belli bir kadada durup bilenoklar. Elektrik energiýasynyň kadasyzlygy sebäpli holodilnikler hatardan çykýarlar.

Şäher gazetlerinde käte-käte gazyň, elektrik togunyň bolmadyk ýagdaýynda jaň etmek üçin telefonlar halka hödürlenýär. Ýöne jaň eden halatyň ol telefonlaryň hiç birinde trubka göterilmeýär. Sebäbi elektrik energiýasynyň halkyň sarp etmegine goýberilýän böleginiň örän ujypsyzdygyna düşünýän elektrikçiler halkyň arz-şikaýatyny diňlemekden bizar. Düzedip bolmajak zat üçin jogap tapylmansoň, olar telefon trubkasyny galdyrman oňanlaryny gowy görýärler.

Tomsuň şu jöwzaly günlerinde kimi görseň suwuň ýetmezçiliginden, elektrik energiýasynyň ýetmeýänligi sebäpli kondisionerleriniň işlemeýänliginden, çyralarynyň düzüwli ýanmaýanlygyndan nalaýarlar.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG