Sepleriň elýeterliligi

Türk prezidenti Abadan hadysasy boýunça gynanç bildirdi


Çarşenbe güni Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa jaň edip, Abadandaky partlama bilen baglanyşykly öz gynanjyny bildirdi.

Bu telefon gürrüňdeşliginde Abdullah Gül Türkiýäniň halkynyň bu waka boýunça türkmen doganlarynyň ýagdaýyna çynlakaý alada bildirýändigini aýdypdyr.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi Türkiýäniň prezidentiniň bu partlamada ölen adamlaryň hossarlaryna çuňňur gynanjyny bildirendigini habar berýär.

Şeýle hem, prezident Abdullah Gül bu telefon gürrüňdeşliginde Türkiýäniň Türkmenistana hemişe hertaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG